Dalaşgärler üçin

Gerekli resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-Bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

-Umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy we göçürmesi (attestat);

-Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

-Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-Bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

-3х4 sm ölçegdäki 8 sany fotosurat;

-Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

-Şahsy pasportynyň asyl nusgasyny görkezmeli we göçürmesini tabşyrmaly;

-Harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny görkezmeli we onuň göçürmesini tabşyrmaly, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny görkezmeli we onuň göçürmesini hem-de ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny tabşyrmaly.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.

Salgy: Aşgabat şäheri, 2052 (Hydyr Derýaýew) köçesi 4.

Telefon belgimiz: 36-49-20, 36-04-16 (Sirkiň ýany)

 

 

1. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
2. Dokma önümçiligi.
3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
4. Marketing.
5. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
6. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň
we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan
ulgamlary.
7. Dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy we abzallary.
8. Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak.
9. Dokma we ýeňil senagatyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we
bejermek.
10. Dizaýn (dokma senagaty pudagynda)


 Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebine umumy
orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi
bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri
boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti — 2 ýyl.
Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Giňişleýin maglumat üçin ýükläp alyp bilersiňiz!

https://portal.mtohom.edu.tm/set/MTOHOMgiris.pdf