Okuw mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Şatlyk Atanepesowiç Babaýew Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylym, bilim we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda 2026-njy ýylda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda çykaran 1859-njy kararyna laýyklykda ýeňiji diýlip edildi we kompýuter bilen sylaglanyldy